EasyManuals Logo

Philips AVENT Plus SCF391 User Manual

Philips AVENT Plus SCF391
251 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Page #91 background imageLoading...
Page #91 background image
91
Türkmençe
Türkmençe
-
Arassaçylygy üpjün etmek üçin emzikleri 3 aýda bir çalşyrmagy maslahat berýäris.
Laýyklyk
Philips Avent Plus ýeke/jübüt elektrikli süýt sorujy nasos Philips Avent Natural önüm gerimindäki ähli bäbek
çüýşeleri we adapterli Philips Avent saklaýyş käseleri bilen sazlaşykly işleýär. Süýt sorujy nasos bilen Philips
Avent Natural aýna çüýşeleri ulanmak maslahat berilmeýär.
Esbaplary we ätiýaçlyk şaýlary sargyt etmek
Esbaplary ýa-da ätiýaçlyk şaýlary satyn almak üçin www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýerli
Philips dileriňize baryň. Şeýle hem öz ýurduňyzdaky Philips Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkezine ýüz
tutup bilersiňiz.
Ätiýaçlyk emzikleri sargyt bereniňizde bäbegiňiz (ser. “Bäbegiňiz üçin dogry emzigi saýlamak”) üçin dogry
akym tizligindäki emzigi ulanýandygyňyza göz ýetiriň hem-de Philips Avent içiň ýellenmegine garşy çüýşäniň
şaýlaryny we emziklerini Philips Avent Natural çüýşeleriň şaýlary bilen goşmaň. Olar biri-birine gbaat
gelmeýär we süýdüň dökülmegine ýa-da başga meselelere ýol açyp bilýär.
Gaýtadan işlemek
-
Bu nyşan şu önümi adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar
(2012/19/EU).
-
Öz ýurduňyzyň elektrikli we elektron önümleri aýratynlykda ýygnamak boýunça düzgünlerini berjaý ediň.
Dogry görnüşde zibile zyňmak daşky gurşawa we adam saglygyna zyýan ýetmegine sebäp boljak
netijeleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara kepillik
hatyny okaň.
Näsazlyklary anyklamak we çözmek
Bu bölümde süýt sorujy nasosda iň köp ýüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça berilýär. Aşakda berlen
maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça
merkeze baryň.

Table of Contents

Questions and Answers:

Question and Answer IconNeed help?

Do you have a question about the Philips AVENT Plus SCF391 and is the answer not in the manual?

Philips AVENT Plus SCF391 Specifications

General IconGeneral
BrandPhilips
ModelAVENT Plus SCF391
CategoryBreast Pump
LanguageEnglish

Related product manuals