EasyManuals Logo

Philips AVENT Plus SCF391 User Manual

Philips AVENT Plus SCF391
251 pages
To Next Page IconTo Next Page
To Next Page IconTo Next Page
To Previous Page IconTo Previous Page
To Previous Page IconTo Previous Page
Page #93 background imageLoading...
Page #93 background image
93
Türkmençe
Türkmençe
Mesele Çözgüdi
Süýt sorujy nasosy
ammarda saklanymdan
soň açanymda ol dessine
işläp başlamaýar.
Süýt sorujy nasosy ony saklamaga rugsat berilýän iň pes temperaturadan has
pesde ýa-da ony saklamaga rugsat berilýän aňryçäk temperaturadan has
ýokary temperaturada saklan bolmagyňyz mümkin. Süýt sorujy nasosyň 20°C
otagda 30minutlap durmagyna we iş gerimine (5°C bilen 40°C arasy)
gelmegine maý beriň.
Islenmeýän goşmaça täsirleri
Şu enjam bilen baglanyşykly ýüze çykan islendik möhüm wakany www.philips.com/support salgysy arkasy
Philips kompaniýasyna we ulanyjynyň we/ýa-da hassanyň ýerleşýän agza ýurdundaky ygtyýarly edara habar
bermeli.
Süýt sorujy nasos ulanylanynda aşakda beýan edilen islenmeýän goşmaça täsirleriň ýüze çykmagy mümkin.
Şu alamatlaryň islendik birini başdan geçirseňiz, saglygy goraýyş hünärmenine ýa-da göwüsden
iýmitlendirmek boýunça hünärmene ýüz tutuň.
Islenmeýän goşmaça
täsiri
Beýany
Agyry duýgusy Göwüsde ýa-da göwsüň ujunda agyry duýulýar ýa-da rahat derejeden gas
güýçli soruşyň netijesinde agyry duýulýar.
Göwsüň ujunyň awamagy Süýt sagyp başlananda göwüsleriň ujunda dowamly agyry ýa-da süýt sagyş
seansy boýunça dowam edýän ýa-da seanslaryň arasynda dowam edýän agyry.
Eritema (gyzarma) Göwsüň derisiniň gyzarmagy.
Gögermek Basylanynda solmaýan gyzylymtyl mawy solgunlyk. Gögerme solanynda ol
ýaşyl we goňur bolup bilýär.
Ganyň goýalmagy Näzikligiň, agyrynyň, gyzarmagyň, çişmegiň we/ýa-da gyzgynyň netijesinde
ganyň goýalmagy ýüze çykyp biler.
Göwsüň ujundaky
dokuma şikes ýetmegi
(göwsüň ujuna şikes
ýetmegi)
- Göwsüň ujunyň çat açmagy ýa-da jaýryklaryň emele gelmegi.
- Göwsüň ujundaky deriniň soýulmagy. Adatça göwsüň ujunyň çat açmagy
we/ýa-da pakgarmagy bilen bilelikde ýüze çykýar.
- Göwsüň ujunyň ýyrtylmagy.
- Gabarçyk. Deriniň ýüzünde kiçijik gabarçyklar ýaly görünýär.
- Ganamak. Göwsüň ujunyň jaýrylmagy ýa-da ýyrtylmagy täsir astynda galan
meýdançada ganama ýol açyp bilýär.
Ammarda saklaýyş şertleri
Süýt sorujy nasosy günüň göni düşýän şöhlesinde saklamaň, sebäbi uzak wagtlap oňa sezewar edilse, reňki
solup biler. Süýt sorujy nasosy we onuň esbaplaryny howpsuz, arassa we gury ýerde saklaň.
Eger enjam yssy ýa-da sowuk şertde saklanan bolsa, ony 20°C temperaturaly ýerde 30 minutlap goýmak
arkaly ony ulanmazdan ozal ulanyş şertlerine gabat gelýän temperatura (5°C bilen 40°C arasy) barmagyny
üpjün ediň.

Table of Contents

Questions and Answers:

Question and Answer IconNeed help?

Do you have a question about the Philips AVENT Plus SCF391 and is the answer not in the manual?

Philips AVENT Plus SCF391 Specifications

General IconGeneral
BrandPhilips
ModelAVENT Plus SCF391
CategoryBreast Pump
LanguageEnglish

Related product manuals